Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, talyplaryň we bagtyýar ýaşlaryň gatnaşmagynda brifing duşuşygy geçirildi.
Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan brifing duşuşygynda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň arasynda dost-doganlygy yzygiderli pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylyk söýüji daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi dogrusynda täsirli söhbet edildi. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň üstünlikli geçirilendigi, bu halkara forumyň möhüm ähmiýeti baradaky buýsançly gürrüňler çykyşlarynyň özenini düzdi.
Brifing duşuşygynyň sorag-jogap arkaly geçirilmegi bolsa, özüniň giň mazmunlylygy bilen has-da tapawutlandy.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň häzirki we geljekki bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada belent maksatly işleri durmuşa geçirýän, eziz Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maksat JANMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.