AK ALTYNLY PELLERDE GYZGALAŇLY MÖWSÜM DOWAM EDÝÄR

     Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň beýleki etraplary bilen bir hatarda biziň etrabymyzda hem pagtany ýitgisiz ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär. Pagtaçy kärendeçileriň gyzgalaňly döwri başdan geçirýän pursadynda bolsa, etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan pagta ýygymyna işjeň gatnaşýan ýygymçylaryň we kärendeçileriň «armasy» ýetirilip durulýar.

     Şu maksat bilen, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň işgärleri etrabyň Akgüzer geňeşliginiň kärendeçileriniň arasynda boldular. Günortanky arakesmede Ýolöten etrap häkimliginiň, etrap Ýaşlar guramasynyň, etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen aýdym-sazly dynç alyş çäresiniň esasy maksady pagta hasylyny gysga möhletde ýitgisiz ýygnap almakdan, pagtaçy kärendeçileriň we ýygymçylaryň armasyny ýetirmekden ybarat boldy.

     Dynç alyş çäresinde bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlap, «ak altynyň»  bol hasylynyň kemala gelmegine bähbitli täsirini ýetirdi. Şeýle hem tapawutlanan ýygymçylary has-da höweslendirmek üçin etrabyň iri jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlarher biri halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşy üçin zähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Meretgeldi ANNAKULYÝEW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR