Ýaňy-ýakynda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini, jemgyýetimizde olaryň eýeleýän ornuny hem-de ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýolöten etrabynyň 31-nji orta mekdebinde geçirilen duşuşyk «Sagdyn ýaşlar-döwrümiziň nurana geljegi» diýlip atlandyrylyp, oňa şol mekdebiň ýokary synplarynda okaýan okuwçy ýaşlar hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň üstünlikli alnyp barylýandygy, şunuň bilen baglylykda, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy kemala getirmek, olary arassa ahlaklylyk watansöýüjilik we ruhubelentlik ruhunda terbiýelemek üçin oňyn şertleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Çykyşlaryň dowamynda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, ata Watanymyza, il-günümize gerekli kämil ynsanlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ORAZOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.