Golaýda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» esasynda ýaş nesilleri sporta we bedenterbiýä giňişleýin çekmek, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň, şäher bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Sport – kämillige badalga» atly şygar astynda bäsleşik geçirildi. Sportuň woleýbol görnüşi boýunça geçirilen bäsleşik, Baýramaly şäheriniň 18-nji orta mekdebinde geçirilip, oňa şol ýerde bilim alýan okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Çekeleşikli häsiýete eýe bolan sport bäsleşiginde «Sagdynlyk» we «Ruhubelentlik» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşik ýaş türgenlere ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge şert döretdi. Şeýlelikde, ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi. Olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Baýramgeldi GAÝYPOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.