ÝAŞLAR – ÝURDUMYZYŇ NURANA GELJEGI

     Ýaňy-ýakynda şeýle mazmunly şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň 41-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ady agzalan orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

     Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, özleri hakynda edilýän bimöçber aladalary ýaş nesilleriň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen guralan duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan döwletimizde ýaş nesilleriň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellediler. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny we ýurdumyzda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi baradaky täsirli çykyşlar çäräniň özboluşlylygyny has-da artdyrdy.

     Duşuşygyň ahyrynda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdyldy.

 

Sülgün ATAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Noýabr 2024 | 0 okalan

TÄSIRLI GURALAN GEZELENÇ

22 Noýabr 2024 | 24 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 28 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR