Häzirki günlerimizde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmakda wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler giň gerime eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Dostluk daragtynyň saýasynda» diýen şygar bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlere ýugrulan şygyrlaryny çeper okamak, döredijilige ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralan bäsleşik etrabyň 20-nji orta mekdebinde geçirilip, oňa şol mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçy ýaşlar gatnaşdylar.
Döredijilik bäsleşigi türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, söz mülküniň zergäri Magtymguly Pyragynyň türkmen halkyny agzybirlige we asudalyga, parahatçylyga hem-de gaýratlylyga çagyran halkyň ruhy ganatydygy, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdigi baradaky buýsançly çykyşlar bilen açylyp, bäsleşige gatnaşýan okuwçy ýaşlara şowlulyk arzuw edildi. Bäsleşikde döredijilige höwesli okuwçy ýaşlar Magtymguly Pyragynyň edep-terbiýä, ahlaklylyga, zähmetsöýerlige çagyryşly şygyrlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Hususan-da, bäsleşigiň dowamynda şahyryň «Türkmeniň», «Boýlaryňa», «Bolar sen» ýaly goşgularynyň çeper ýerine ýetirilmegi, bäsleşige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Emin agzalaryň beren bahalaryna laýyklykda, öňdebaryjylygy eýelän okuwçy ýaşlara bolsa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle hem bäsleşige gatnaşanlar beýik söz ussady Magtymguly Pyraga we onuň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini buýsançly beýan etdiler.
Täzegül ÇARYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.