Golaýda «Edebim mertebäm – görüm göreldäm» diýen mazmunly şygar bilen gelin-gyzlarda türkmeniň millilik ýörelgelerini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, etrabyň 2-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna ady agzalan orta mekdebiň ýokary synplarynda okaýan okuwçy gyzlar we mugallymlar gatnaşdylar.
Duşuşykda many-mazmunly çykyşlara orun berlip, olarda zenanyň gözellik çeşmesidigi, şol gözellik çeşmesiniň bolsa zenanyň akyl paýhasyndan, edep-ekramyndan, ahlak päkliginden we halal zähmetinden döreýändigi, şunuň bilen baglylykda, ene-mamalarymyzyň nesil terbiýesinde gyz edebine aýratyn üns berlendigi buýsanç bilen bellenildi. Çykyşlaryň dowamynda gelin-gyzlarymyzda türkmeniň millilik, edep-ekramlylyk häsiýetlerini terbiýelemek maksady bilen etrabyň çäginde geçirilýän duşuşyklaryň ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem, oňa gatnaşanlar «Zenanlar Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip zenan mertebesini belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.