Ýaňy-ýakynda «Ýaşlar – Watanyň nurana geljegi, sarsmaz binýady» diýen şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala, Garagum, Ýolöten, Mary we Murgap etrap Geňeşleriniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa ady agzalan guramalaryň wekilleri hem-de kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Işjeň häsiýete eýe bolan duşuşykda many-mazmunly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler hemişelik Bitaraplygymyza esaslanýan dostlukly gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan Watanymyzyň ähli döwletler bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakda hoşniýetli hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýändigi dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyk etmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumynyň üstünlikli geçirilendigi, bu forumda döwlet Baştutanlaryň we beýleki myhmanlaryň çykyş etmegi, öz çykyşlarynda forumyň ähmiýetini nygtamaklary hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna ýokary baha bermekleri barada çykyşlaryň dowamynda aýratyn bellenildi.
Şeýle hem, tegelek stoluň başyna ýygnananlaryň her biri türkmen halkyny ýagty menzillere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Buýsançly pursatlara beslenen duşuşyk medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.
Hojamyrat AKMYRADOW,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.