Ýakynda Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlaryň gatnaşmaklarynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda guralan gezelenç «Milli miras – terbiýäniň gözbaşy» diýlip atlandyryldy.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» durmuşa geçirmek hem-de ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen guralan gezelençde oňa gatnaşanlar muzeýde ýerleşdirilen dürli eksponatlar bilen aýratyn-da, muzeýiň arheologiýa bölümi bilen içgin tanyş boldular. Gadymy Margiananyň, antik we orta asyr Merwiň taryhyna degişli eksponatlar, basma we syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, piliň süňkünden ýasalan küşt çöpleri çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Gezelenjiň dowamynda milli mirasymyzy we taryhymyzy giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýdyldy.
Göwher KAKAGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.