WATAN WASPY DILLERDE

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşiniň hünärmenleri etrabyň 34-nji orta mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda bolup, ýaşlarda «Watan» diýen beýik düşünjäni kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen «Watan waspy dillerde » atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

     Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesillerimiziň watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýändigi dogrusynda aýratyn bellendi.

     Duşuşygyň dowamynda okuwçy ýaşlaryň eziz Diýarymyzy, ata Watanymyzy, parahatçylygy we bagtyýar durmuşy wasp edýän goşgulardyr aýdymlary uly buýsanç bilen ýerine ýetirmekleri bolsa, olaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmakda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe boldy.

     Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Pälwan SAPAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Murgap etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 1523 okalan

KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

19 Noýabr 2024 | 53 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK