MEKDEP MUZEÝINE GEZELENÇ GURALDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň ýyllyk iş meýilnamasy laýyklykda, ýaşlarymyzyň medeni mirasymyzy öwrenmeklerini we olary aýawly saklamaklaryny gazanmak maksady bilen, Mary etrabynyň 40-njy orta mekdebinde döredilen mekdep muzeýine gezelenç guraldy.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň 40-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen gezelenç çäresi «Milli mirasa sarpa» diýlip atlandyrylyp, oňa ady agzalan orta mekdebiň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.

     Gezelenjiň başynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda häzirki wagtda milli mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylýandygy, olaryň ylmy taýdan öwrenilip, halk köpçüligine wagyz edilýändigi, şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleri bilen bir hatarda, orta mekdeplerde hereket edýän mekdep muzeýleriniň hem ähmiýetiniň örän uludygy buýsanç bilen nygtaldy.

     Soňra mekdep okuwçylary muzeýe gezelenç etdiler. Olar bu ýerde ýerleşdirilen ençeme gymmatlyklar we tapyndylar bilen tanyşdylar. Gezelenjiň dowamynda okuwçylaryň medeni mirasymyz we gadymy taryhymyz dogrusynda sorag-jogap alyşmaklary gezelenjiň täsirini artdyrdy.

     Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we baý mirasymyzy giňden öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogulnur BERDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Öňki makala

WATAN WASPY DILLERDE

Indiki makala

YLYM – BAGTYŇ ÇYRAGY

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 1523 okalan

KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

19 Noýabr 2024 | 53 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK