BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi, saglyk maksatly döwrebap täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara forumyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen guraldy.

     Ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan bu duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen kararlar we çözgütler barada, saglyk maksatly döwrebap täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmeginiň ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmakdaky ähmiýeti, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek maksady bilen geçirilen forum dogrusynda giňişleýin söhbet edildi.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň saglygy we abadan durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy üçin uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

KÖŇÜLLERIŇ NAZARGÄHI

07 Iýul 2025 | 22 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 22 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP