MILLILIK – NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

     Golaýda şeýle şygar bilen Baýramaly şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 18-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi, Baýramaly şäher zenanlar hem-de bilim bölümleri bilelikde gurap, oňa şol mekdebiň ýokary synp okuwçy gyzlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.

     Wagyz-nesihat duşuşygynda maşgala mukaddesligi, gyz-gelin edebi, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz we milli gymmatlyklarymyz dogrusyndaky gyzykly çykyşlara giň orun berildi.

     Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasy, döredip berýän giň mümkinçilikleri, şeýle hem zenan mertebesi, asyllylygy we ojagyna wepalylygy barada buýsançly bellediler. Çykyşlaryň dowamynda Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň: «Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» diýip belleýşi ýaly, zenanyň gözellik çeşmesidigi we şol gözellik çeşmesiniň zenanyň edep-ekramyndan hem-de ahlak päkliginden döreýändigi aýratyn nygtaldy.

     Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

Aýsona GELDIMYRADOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 1521 okalan

KITAPDYR YNSANYŇ BAKY HEMRASY

19 Noýabr 2024 | 53 okalan

ÝAŞLAR WE TELEKEÇILIK