Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi etrap bilim bölümi, ýerli hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Edepli ile ýarar» atly şygar bilen geçirilen bu çärä Gyzylarbat etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary gatnaşdy.
Çykyş edenler ýaşlaryň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly, edep-terbiýeli bolmagyny, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak üçin ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýdyp geçdiler. Duşuşyga gatnaşan okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigini çykyş edenler nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ähli babatda döredip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.