Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, Türkmenbaşy şäher sport toplumyna gatnaýan ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen ýaryşlar geçirildi. «Uçýan top» atly şygar astynda geçirilen ýaryşlara sportuň woleýbol görnüşi bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdy. Onuň dowamynda ýaşlaryň arasynda düzülen toparlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Toparlaryň aralaryndaky ýaryşlar diýseň çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Bäsleşige işjeň gatnaşyp, onda ýeňiji bolan toparlara Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirligi tarapyndan hormat hatlary, TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýperi ATAHALLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.