Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan «Maşgala mukaddesligi halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» atly şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Balkan welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Näzigül Annagulyýewanyň alyp barmagynda guralan duşuşykda kümüş saçly enemiz Dursun Begçerowa, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Annagül Balkanaowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Gözel Saparmämmedowa dagylar çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda, ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi, olary watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle hem çykyşlaryň her birinde ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.