Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi «Türkmeniň Ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri, il-ýurt bähbitli meseleleri halkyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, « Halk Maslahatynyň çözgütleri – uzak döwür üçin ösüşiň kepili» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Türkmenistanyň mejlisiniň deputatynyň, Balkan welaýatynyň Halk maslahatynyň başlygynyň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň il ýaşulysynyň, kümüş saçly enemiziň gatnaşmagynda guralan söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykan döwlet ähmiýetli möhüm meseleler, Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeler, şeýle hem gazanylýan ösüşleriň halkymyzyň bagtyýar, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagynyň bähbidine gönükdirilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat
Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.