Şeýle şygar bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, şeýle-de Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher bölümi bilelikde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynyň kiçi mejlisler zalynda gadymy ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýe, ruhy we medeni milli gymmatlyklarymyzy ýaşlara ýetirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Watanymyzyň syýasy-ykdysady, medeni-durmuş binýadynyň pugtalandyrylmagynda mähriban zenanlarymyzyň ägirt uly paýynyň bardygy, türkmen halkynyň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlaryň ähli pudaklarda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine goşant goşýandyklary barada şeýle-de maşgala mukaddesligini gorap saklamak boýunça giňişleýin çykyş etdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.