Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan TNGIZT-niň tehniki okuw merkezinde «Türkmeniň milliligi – edebiň gözbaşy» ady bilen talyp gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede gadymdan gelýän, ene-mamalarymyzdan miras galan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy sarpalamak, ynsanyň tebigy gözelligini aýawly saklamak bilen bagly çykyşlar edildi. Şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin döredilýän şertler dogrusynda bellenip geçildi. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.
Aýperi ATAHALLYÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.