Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi Balkan welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi.
Çärede ata Watanymyzyň halkara sport abraýynyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilýändigi, şu ýyl Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigi, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle hem, çykyş edenler ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň sazlaşykly ösüşinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm orny barada nygtadylar.
Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine, ajaýyp ýeňişlere ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Sähragül IŞANOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
umumy bölüminiň esasy hünärmeni.