ÝAŞ SAGLYGY GORAÝYŞ IŞGÄRLERI – ÝAŞLAR SYÝASATYNY KÄMIL DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ UGRUNDA

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezinde bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

     Maslahatda birnäçe möhüm wezipeleriň üstünde durlup, ýaşlardan teklipler öwrenildi. Aýratyn-da Milli Liderimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys» diýip aýdan paýhasly sözlerinden ugur alyp, Saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipler bilen çykyş etdiler.

 

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY