Her bir şanly senäni, toýdur dabarany ýokary ruhubelentlikde bellemek halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň Medeniýet we Maliýe müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk maslahaty «Ykdysady üstünlikler – döwlet dolandyrylyşynyň esasy binýady» diýlip atlandyryldy.
Baýramçylyk maslahatynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Olarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtly, rahat we bolelin durmuşda ýaşamaklygy üçin döredilýän mümkinçilikler, döwrebap şertler, ykdysady ösüşler dogrusynda beýan edildi. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlarda Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize, halkymyza söýgi tüýs ýürekden wasp edildi.
Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň başlygy.