Şu gün Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak, watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisinde: «Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmegi teklip edýärin» diýip beren tabşyrygyndan ugur alyp, ýaşlar barada döwlet syýasatyny döwrebap durmuşa geçirmek maksady bilen teklipler öwrenildi.
Beýzaly ATAÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.