KITAP – AKYL-PAÝHASYŇ ÖNÜMI

     Düýn Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap – dünýäniň açary» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak maksady bilen guralan bu çärä Arkadag şäheriniň çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar.

     Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda raýatlarymyzyň, aýratyn-da ýaşlaryň, körpe çagalaryň aň-paýhasynyň kämil, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalaryndan habarly adamlar bolmaklygy ugrunda durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem ynsan aňynyň, akyl-paýhasynyň önümi bolan ylym-bilimiň kämilleşmegi üçin amala aşyrylýan zerur tagallalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, okamak, öwrenmek, döretmek ynsana eçilen elýetmez peşgeşdir. Hut şonuň üçin halkymyz «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Işiň ussasy – okamak», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» ýaly ajaýyp nakyllary durmuş ýörelgeleri hökmünde kabul edipdirler. Bu işler Halkyň hazynasyna öwrülen beýleki däp-dessurlarymyz bilen bir hatarda, kitaby söýmek, ylym-bilime sarpa goýmak ýörelgesi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giňden dabaralanýar. Häzir wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşaýyş durmuş derejämizi ösdürmek meselelerine üns bermegi netijesinde elektron enjamlary bilen üpjün edilen kitaphanalar hereket edýär. Olaryň kitap goryny baýlaşdyrmak bilen bagly işler göwnejaý alnyp barylýar. Munuň özi adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsiniň has-da artmagynda, ylma bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmekde ähmiýetlidir.

     Şeýle hem ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde neşir önümleriniň sergisi we körpejeleriň hem-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen kitap şüweleňi has-da täsirli boldy. Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan taýýarlanan sowallara jogap beren ýaşlara türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan şahsyýetleriň eserleri we ertekiler kitaplary sowgat berildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY