Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi tarapyndan, etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Millilik – nesil terbiýesiniň özeni» ady bilen edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli, ruhy, medeni mirasy, olary öwrenmekde, toplamakda, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmakda we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda çykyşlar edildi. Şeýle hem, ýaşlaryň milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi, maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi barada nygtaldy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.
Mämmet MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.