WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat hukuk goraýjy edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda milli mirasa belent sarpa goýmak, maşgala ojagynyň mukaddesligini, maşgala agzybirligini, jebisligini we berkligini gazanmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.

     Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her bir maşgalanyň asuda, bagtyýar ýaşamagy üçin durmuşa geçirilýän uly işler, maşgala mukaddesligi barada täsirli çykyşlar etdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Guwanç ÇENDIROW,

TMÝG-niň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT