WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabyň 28-nji orta mekdebinde ýaş nesillerimiziň ruhy we beden taýdan sagdyn ýetişmekleri üçin alnyp barylýan işleri düşündirmek maksady bilen «Sagdynlyk – röwşen geljegiň berk binýady» ady bilen 28-nji orta mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda çykyş edenler ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli we akyl taýdan kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine doly we dogry uýmalydyklary dogrusynda durup geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri belentden ýaňlandy.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Iýul 2025 | 4 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR

07 Iýul 2025 | 4 okalan

AÝDYŇ GELJEGE TARAP

07 Iýul 2025 | 4 okalan

MAŞGALAM — BAŞ GALAM