SAGDYN JEMGYÝET-SAGDYN NESIL

     Ýakynda «Sagdyn jemgyýet-sagdyn nesil» atly şygar bilen gyz-gelin edebi, ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz hem-de milli gymmatlyklarymyz dogrusynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, şeýle-de mekdep okuwçy gyzlarynyň arasynda Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýüniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Türkmenbaşy etrap bölümi bilen bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşdylar.

     Duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa, maşgala gymmatlygy, türkmen zenanlarynyň asyllylygy we maşgala ojagyna wepalylygy barada buýsançly çykyşlar edildi. Çykyş edenler ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi ösdürmek, zähmete bolan söýgüni terbiýelemek dogrusynda giňişleýin beýan etdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin barada beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Gülbagt PÜRÇIKOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR