DABARALY GEÇEN ÇÄRE

     Her bir şanly senäni, toýdur dabarany ýokary ruhubelentlikde bellemek halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Golaýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli çäreler giň gerime eýe boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de Balkan welaýat Medeniýet we Maliýe müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Ykdysady üstünlikler – öňe barýan ýolumyz» diýlip atlandyryldy.

     Baýramçylyk çäresinde buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýar, rahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikler, döwrebap şertler, ykdysady ösüşler dogrusynda giňden beýan edildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 79 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT