ÖMRE HEMRA SETIRLER

     Pyragynyň söz mirasy aýratyn bir dünýä. Edil adaty dünýäden ynsan durmuşyna dahylly ähli wakany, hadysany tapyp bolşy ýaly, onuň eserlerinden hem ynsan ömrüne degişli barça pursatlary, inçelikleri, pynhanlyklary, täsinlikleri tapyp, duýup bolýar. Pyragynyň setirleri çagalar üçinem, ýaş-ýetginjekler üçinem, orta ýa-da uly ýaşlylar üçin hem gyzykly. Sebäbi onuň setirlerinde biziň üstünliklerimiziň esasy gönezligi bolan ruhubelentlik hakynda, umytdan düşmezlik, ertiriňe, geljegiňe ynam bilen garamak hakynda ajaýyp setirler bar. Manylar mazmuna kybapdaş birnäçe sözler bilen bezelip, setirlere siňdirilipdir welin, olar edil gyzgyn çaýyň içinde eräp giden şeker ýaly, göze görünmese-de, tagamy bildirip dur.

     Akyldarlar şeýle diýýärler: “Maksatsyz ömür ýaly biderek ýaşaýyş ýokdur”. Ynsanyň ähmiýeti ömrüne many çaýyp bilýänliginde. Öňünde maksat goýup bilýänliginde. Maksadyny hasyl etmek üçin yhlas edýänliginde. Munuň üçin bolsa, ilkinji, nobatda, sabyr-kanagat, soňra arzuw-umyt, ynam-yhlas, töwekgellik, maksada okgunlylyk gerek. Şeýle düşünjeleriň ýadymyzdan çykmazlygy üçin jadyly we manyly sözleri öwran-öwran gaýtalamak gerek. Her gezek sähel ynjap, ýadap, umytdan düşjek bolanymyzda, bu sözler goltugymyzdan göterip, ýene maksatlaryň arzyly ýoluna salýar. Adam göwün göteriji pikirler, duýgular bilen gurşalan halaty, diňe kimdir biriniň däl-de, hut tebigatyň özüniň aşyk bolup, seniň bilen sazlaşykly gopýandygyna, deň ýöreýändigine akyl ýetirýär.

     Öňüňizde maksat goýan bolsaňyz, haýal etmän, ony hasyl etmäge girişiň. Ýerine, ýagdaýyna görä, ussat Pyragynyň sözlerini ýadyňyza salyň-da, öňe ynamly we aýgytly gadam uruň!

“Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul, dura-bara şat bolar”.

     Şu we şuňa meňzeş setirleriň ählisi sabyrlylygyň üsti bilen göwün maksatlaryna ýetip bolýandygyny aňladýar. Ynsana sabyrlylykdan soň has gerekli zatlaryň biri kanagat. Kanagatlylyk, baryňa kaýyllyk hakynda:

“Ýeter saňa ir-u giç, ne ýazylsa kysmatda,

Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda,

Sogap ýagşy amalda, ýa hut ýagşy niýetde”

     Ýa-da:

“Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,

Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat”

     diýmek bilen, kysmata kaýyllygyň nähili beýik mertebesiniň bardygyny aýdyp geçýär.

     Adam her bir görýän zadyny gowulyga ýormaga ymtylmalydyr. Adam her demde, her ädimde Hudaýyň berýän ýagşylygyndan umydyny üzmeli däldir. Sebäbi, ilkibada göwnümize ýaramaýan käbir hadysalaryň, soňlugy bilen bize has bähbitli bolup çykýandygyny, biz diňe bir gadymy kitaplaryň gatyndan däl, eýsem hut öz durmuşymyzdaky hadysalardan hem bilýäris.

     Kanagatly-takatly, taňrydan umytly gezmegi başaraňsoň, Hak ýolunda, halal iş üçin, maksada ýetmek üçin hökman yhlas etmek gerek. Bagly gapylaryň ählisini yhlas açýar. Biz Magtymgulynyň pentlerine eýerip, her bir işimize yhlas bilen ýapyşsak, onda şahyryň aýdýan arzyly maksatlaryna hem ýeteris:

“Görmesem, söýlemen, oý bilen çenden,

Maksadyna ýeter, ýykylan çyndan”.

 

“Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy,

Ol mukdar açykdyr Hakyň dergahy”.

     Ýa-da:

“Böri bolmaz tilki bilen şagaldan,

Miwe bolmaz, ekseň her bir nahaldan,

Nesibä ynanyp, galma amaldan,

Munda amal, taňla saňa ýar olur”

     diýilýär. Hat-da şu setirden kysmata kaýyllyk bilen ýaltalygyň, kem yhlaslylygyň düýbünden başga zatdygyna hem göz ýetirip bolýar. Bu dünýäde ruhubelent gezmek üçin öz mertebäňi ilkinji nobatda özüň sylamany öwrenmeli. Süňňüňde saglygyň, goluňda güýjüň-gaýratyň barka, tama bilen illere telmuryp durman, özüňe bolan ynamy gowşatman gezmeli. Her bir ýagşy häsiýetiň hem öz çägi bar. Kähalatlarda, halys pespäl görünjek bolup, özüňi, öz mertebäňi aşak düşürmeli däldir. Magtymgulynyň setirlerinde hem:

“Magtymguly Haka tabşyr özüňni,

Her namarda sargartmagyn ýüzüňni”.

     diýilýär. Şu many-mazmunlaryň ählisi bu dünýäde zeýrenje ýol bermän, kaýyl-kanagatly, yhlasly we umytly, ynamly we gaýratly gezmelidigini nygtaýar. Ynsanda özleşdirilen bu gylyk-häsiýetler bolsa, hakykatdan-da, bize zerur bolan ruhubelentligi hasyl edýär. Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi nygmaty azalmaýan, bereketi egsilmeýän saçakdyr. Bu jadyly saçakdan her kim öz işdäsiniň alýan zadyny tapyp bilýär.

 

Rahmet GYLYJOW,

“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory.

Öňki makala

ÝUSUP DIÝE-DIÝE

Indiki makala

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 88 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 711 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER