Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň düre barabar şygryýeti özünden öňki ýaşap geçen şahyrlaryň döredijilik gözlegleriniň jemi, ondan soňky şahyrlar üçin belent nusga bolup hyzmat edýär. Çünki şahyryň döredijilik dünýäsinde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ýüreginde besläp gelen arzuw-islegleri, uly umytlary öz beýanyny tapýar. Şol asylly arzuw-islegleriň, beýik umytlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýandygy her bir türkmeni guwandyrýar, buýsandyrýar.
Magtymguly Pyragy Watany ähli zatdan eziz görüpdir. Öz ykbalyny halk bilen baglan şahyr Watany söýmegi, oňa wepaly bolmagy nesihat edipdir. Akyldar şahyr halkda watançylyk duýgularyny ösdürmek bilen, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny, halkyň abadançylygyny, asuda durmuşda ýaşamagyny arzuw edipdir. Munuň üçin parahatçylygyň zerurdygyny nygtapdyr.
Akyldar şahyr il-günüň abadançylygyny agzybirlikde görüpdir. Tire-taýpalar birleşip, agzybir ýurda öwrülse, olaryň çöregi bir suprada eda edilse, halkyň ykbalynyň göteriljegine berk ynanypdyr. Türkmeniň bagtynyň gözbaşynyň agzybirlikdedigine çuň göz ýetiripdir. Şonuň üçin şahyr halky agzybirlige, dost-doganlyga çagyrypdyr.
Magtymguly Pyragy adamyň juwanlyk möwritinde päk ahlakly häsiýetleriň özünde jemlenmegine uly üns beripdir. Ol ýigidiň işiniň şowly bolmagynda ynamlylyk, halallyk, mertlik, arassaçylyk, yhlaslylyk ýaly gowy oňyn täsirini düşündirýär. Hut şu möhüm ýörelgeleri şahyr öz döredijiliginde ündäpdir. Çünki türkmenlerde gadymdan gelýän ýörelgä görä, çaga heniz aga-gara düşünip-düşünmänka, ene-ata, il-ulsa, tebigata, Watana söýgi duýgusy bilen terbiýelenýär.
Şeýle-de, Magtymguly Pyragy:
Owwal Magymguly özüň düzetgil,
Özüňni sen özgelere göz etgil,
diýmek bilen, öz döredijiliginde durmuşda özüňi alyp barmagyň kada-kanunlarynyň üstünde köp durupdyr. Bu babatda alym Arkadagymyz: «Türkmen halky özüniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy tarapyndan wasp edilen mertebe, asyllylyk, watançylyk, zähmet we myhmansöýerlik, döredijilik, parahatçylyk we asudalyk ýörelgelerini, ata-babalarymyzyň gany bilen geçen ynsanperwerlik ýaly oňat häsiýetlerini saklap, olary asyrlardan-asyrlara aşyryp gelýär» diýip belleýär.
Arzuw-umytlarymyzyň hasyl bolýan döwründe akyldar şahyryň mukaddes Watan babatdaky arzuw-islegleri wysal bolup, ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda beýik özgertmeler ýoly bilen öňe barýar. Bu bolsa bagtyýar döwrümize, berkarar Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.