Milli ýol-ýörelgelerimiz halkymyzyň ruhy baýlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr» diýen jümlelerden ugur alsak, ýaş nesilleri şeýle baý ýol-ýörelgeler bilen terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzdan püre-pür doly eserleriniň, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ägirt uly ähmiýeti bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen akyldar şahyra goýulýan sarpa has-da artýar.
Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-parasaty aýdyň şöhlelenýär. Alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki iň uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky göreşidir hem-de agzalalygy ýazgarmagydyr. Ynha, ençeme wagt bäri akyldar şahyryň agzybirlik sapaklaryndan türkmen halkynyň gör, näçe nesli terbiýelendi we terbiýelenýär» diýip bellemegi, elbetde, Berdimuhamet mugallymyň hem terbiýeçilik işlerinde akyldar şahyryň döredijiliginden täsir alandygyny görmek bolýar.
Magtymguly Pyragynyň «Ýeldim tut» atly goşgusyndan alnan «Älem içre adam galmaz, at gezer» setirinden, Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynyň adyndan hem belli bolşy ýaly, adamyň durmuşda eden ýagşy işleri, ýatlamalary bilen nesilleriň aňynda ebedi ýaşaýandygy beýan edilýär. Romanda biz ýaş mugallymlara mugallymçylyk käriniň belent nusgasyny görkezen Berdimuhamet mugallymyň giň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde, mugallymçylyk garaýyşlarynyň milliligimiz bilen pugtalanmagynda, ussat mugallym bolup ýetişmeginde, umuman, onuň bütin ömrüne şahyryň edebi mirasynyň hemra bolmagydyr. Eseriň baş gahrymanynyň ruhy dünýäsi Magtymguly Pyragynyň edebi mekdebi bilen sazlaşyk tapýar. Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam galmaz, at gezer» diýen sözlerini hemişe ýatda saklardy. Şol sebäpden onuň manyly ömründe ynsana ýagşylyk etmek düşünjesi eriş-argaç bolup geçip, halypa mugallymyň pikirleriniň oba adamlary tarapyndan dogry hasap edişleri eserde örän täsirli berilýär. Olar «Berdimuhamet mollumam şeýle diýýär» diýerdiler we mesele çözüldi hasap eder ekenler.
Mahlasy, Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri, Berdimuhamet mugallymyň parasatly durmuş ýoly, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk işleri şu günki hem-de geljekki nesiller üçin edebi hem-de ebedi mekdepdir.
Mähektäç MAKSADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.