MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

     Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guralan «Merdana nesil-2024» Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň medeniýet öýünde geçirildi.

     «Merdana nesil-2024 » atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry şatlyk-şowhuna beslendi. Bäsleşige 3-5-nji synplarda bilim alýan okuwçy oglanlaryň ählisi uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

     Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan we işjeň gatnaşan okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Türkmengala etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Çärä gatnaşanlar ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Bilbil JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Türkmengala etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 7 okalan

MERDANA NESILLERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

22 Noýabr 2024 | 9 okalan

MERDANALAR ÖŇE SAÝLANDYLAR