Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralyp, ol «Gadymy taryhym – hazyna-genjim» ady bilen, etrabyň 47-nji orta mekdebiň muzeýine gezelenç guraldy.
Çäre ýaşlaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Ýaşlar halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden gymmatlyklary bilen içgin tanyş boldular. Ady agzalan mekdebiň muzeýinde ýerleşdirilen tapyndylar bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gezelenjiň dowamynda okuwçy ýaşlaryň sowal-jogap alyşmaklary, olaryň taryhy we medeni ýadygärliklere bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem gezelenje gatnaşanlar milli mirasymyzy giňden öwrenmekde we ony wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler
Aýgül DODYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.