Şu günler ýaş nesilleriň döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, her ýylda geçirilmegi adata öwrülen «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyrlary uly ruhubelentlige beslenýär. Şadyýan bäsleşigiň Garagum etrap tapgyry hem täsirli pursatlara baý boldy.
Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige okuwçy oglanlaryň birnäçesi gatnaşdylar.
Okuwçy ýaşlar bäsleşigiň 3 şerti boýunça özara bäsleşip, özleriniň döredijilige we sungata bolan ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bu bolsa, bäsdeş oglanlaryň ýokary taýýarlyk derejelerini äşgär etdi. Soňra bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Emin agzalaryň beren bahalary boýunça I we II orunlara mynasyp bolan okuwçy oglanlar «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan we baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Işjeň häsiýetde geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.