BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

     Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýen sözlerinden ugur alyp, kiçi ýaşly oglanlary merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däplerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olarda kiçilikden hünär öwrenmäge höwes döretmek, şeýle-de zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan eden «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiş gazanan zehinli okuwçylar gatnaşdylar.

     Okuwçylar bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, 3 şert boýunça özara bäsleşdiler. Çeper okaýyşlary, şorta sözleri we aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde bäsleşen okuwçy ýaşlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

     Bäsleşikde ýörite eminler topary düzülip, olaryň çykaran çözgüdine laýyklykda, I we II orunlary eýelän okuwçy ýaşlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

     Bäsleşige işjeň gatnaşanlara hem-de ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaralary ýagdaýda gowşuryldy.

     Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň zehin başarnygyny ýüze çykarmaga, olaryň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Annagözel SARYÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Mary şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1 okalan

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ MERDANA NESILLERI

23 Noýabr 2024 | 6276 okalan

TÄSIRLI GEZELENÇ