Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her ýylda yglan edilýän «Merdana nesil» atly şadyýan bäsleşik kalby ylhama eýlenen zehinli oglanlary ýüze çykarmaga we olary goldamaga giň mümkinçilik döredýär. Şugün Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde geçirilen «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry hem şeýle ähmiýete eýe boldy.
Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna deslapky etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli okuwçylaryň 22-si gatnaşdy.
Baýramçylyk öwüşginde bezelen sahnada zehinli okuwçy oglanlar bäsleşigiň 3 şerti boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler.
Gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçen bäsleşikde eminleriň çykaran netijesine laýyklykda, I we II orna mynasyp bolan okuwçy oglanlar paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşige gatnaşan zehinli okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.