WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýän çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem şeýle mazmuna eýe boldy.

Baýramaly etrabynyň 10-njy orta mekdebinde geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ýaşlar – bagtyýar geljegiň binýady» diýlip atlandyrylyp, oňa TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgärleri, ady agzalan orta mekdebiň mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdy.

Duşuşykda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we olaryň jemgyýetimizde eýeleýän orny baradaky çykyşlara orun berildi. Çykyş edenler «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi barada gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek boýunça Ýaşlar guramasy tarapyndan geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogrusynda hem giňişleýin durup geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş aýtdylar.

 

 

Oraz ANNAÝAROW,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Baýramaly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.