ÄLEME MEŞHURDYR BITARAP DIÝAR BERKARAR DÖWÜRDE ÝAŞLAR BAGTYÝAR

Şeýle mazmunly şygar bilen Mary welaýat myhmanhanasynda geçirilen brifing duşuşygy täsirli pursatlara baý boldy. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň gurnamagynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, Ilkinji Ýaşlar guramalaryň işjeň agzalary işjeň gatnaşdylar.

Turuwbaşdan işjeň häsiýetde geçen duşuşykda kalplary egsilmez alkyşdan doly bagtyýar ýaşlar çykyş etdiler. Çykyş edenler her bir güni uly rowaçlyklara beslenýän ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ugurlarda işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny, bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ykdysady-durmuş taýdan çalt depginlerde ösmek bilen, belent sepgitleri nazarlaýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

Sowallar arkaly dowam eden brifing duşuşygy özüniň giň mazmunlylygy bilen tapawutlanyp, söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilige gönükdirilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýandygy dogrusynda bellenilip geçildi.

Şeýle hem çärä gatnaşanlar halkymyzyň asuda, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

 

 

Maksat JANMYRADOW,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.