RUHY DÜNÝÄLERIŇ ŞAHYRY

     Türkmen halky beýik akyldary – Magtymguly Pyragysy äleme ýaýylan, dünýä äşgär bolan halkdyr. Söz ussadynyň many-mazmuny çuň, terbiýeçilik ähmiýetli şygryýeti dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Her setirinde, her sözünde ummasyz akyl-parasaty jemleýän ajaýyp şygyrlar geçmişiň, şu günüň hem-de geljegiň ruhy baýlygydyr, ruhy mirasydyr. Ine, şu nukdaýnazardan 2024-nji ýylymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, halkymyzdan gelip gowşan teklipleriň, pikirleriň netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe söz sungatynyň ussady, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň has-da dabaralanýandygynyň aýdyň ykrarydyr.

     Akyldar şahyr hakynda Milli Liderimiziň döwet galamyndan çykan eseriniň bolmagy beýiklikden, öňdengörüjilikden nyşandyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza peşgeş beren «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitaby beýik şahyrymyzyň ruhy ýadygärligine goýulýan hormat-sarpany, onuň şahsyýetiniň belentligini has-da artdyrdy.

     Magtymguly türkmen poeziýasyny esaslandyryjy, öz many ýüki ýetik şygyrlary bilen türkmen halkyny, onuň baý edebi mirasyny dünýä derejesine çykaran  şahsyýetdir. Onuň şygyrlarynda gymmatlyklarymyz, edim-gylymlarymyz, türkmen halkynyň mizemez ruhy içgin duýulýar. Şahyr her bir döredijiniň ýüreginde, aňynda ýaşaýar. Döredijiniň galamyndan syzylyp çykýan dürdäne setirlere, kitaplara siňýär. Şeýdibem akyldar şahyrymyz nesil-nesle aşyp, türkmen milletimiziň agzybirligini, asudalygyny, parahatçylygyny, mizemezligini görkezýän baýdaga öwrülýär.

     Magtymguly Pyragynyň edebi we ebedi keşbi Milli Liderimiziň çuňňur paýhasyndan kemal tapan edebi-çeper, ylmy-jemgyýetçilik kitaplarynyň, eserleriniň ählisiniň süňňünden geçýär. 2013-nji ýylda halk köpçüligine gowşan «Döwlet guşy» atly romanynda Milli Liderimiz Magtymgulynyň dana, akyldar keşbini ussatlarça bermegi başarypdyr. Romanyň içinden aryf şahyryň pikirleri, öwüt-ündewleri, terbiýeçilik ähmiýetli setirleri eriş-argaç bolup geçýär. Eserde Magtymgulynyň döredijiliginiň gadyr-gymmatynyň şol döwürdäki adamlaryň durmuşyndaky orny görkezilmek bilen, gahrymanlaryň dilinde, pikirleriň beýan edilişinde şahyryň mertebesi yzygiderli şöhlelendirilýär. Ýaşajyk Mälikgulynyň dilinde Magtymgulynyň şygrynyň ady: «Eý, Hudaý jan, meniň kakama aýdýan zatlarym näme? Ýok, ýok, onuň ýaly sözleri kakama aýdyp, ony alada goýmak bolmaz. Magtymgulynyň «Ýeldim tutuny», näme, unutdyňmy? Kakama ejizligiňi duýduryp bolmaz. Ejizlemek hem bolmaz» diýen setirlerde aýdylýar.

     Türkmen halkynyň gymmatly ýankitabyna öwrülen 2015-nji ýylda halkymyza Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren «Türkmen medeniýeti» kitabynyň sahypalarynda hem beýik akyldaryň buýsançly keşbine, parasatly setirlerine duş gelmek bolýar. Awtor Magtymguly Pyragynyň setirlerini özüniň ruhy ylham çeşmesi hasaplaýar: «...Bişirilen toýun palçygyndan, daşdan, agaçdan, balykgulakdan, haýwanlaryň derisinden, ýüňünden, süňkden öý goşlaryny, gap-gaçlary, egin-eşikleri, iş we aw gurallaryny ýasamagy başarypdyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly Pyragy şeýle diýýär:

Ýaraşyga geler dürli tagamlar,

Daşdan dörän ajap görkli gap bolsa».

     Eserde akyldar şahyrymyzyň zergärçilik sungaty bilen meşgullanandygynyň uly buýsanç bilen ýatlanyp geçilmegi, pikirleriň çeperçiligini açmaga, Magtymgulynyň keşbini aýdyňlygy bilen göz öňüne getirmäge ýardam edýär.

     Gahryman Arkadagymyz Magtymgulynyň keşbini onuň şygyrlarynyň, aýdýan garaýyşlarynyň, öňe sürýän pikirleriniň üsti bilen beýan edipdir. Şonuň üçinem Magtymguly ruhy dünýäleriň şahyrydyr.

     Biz özümiziň Magtymguly Pyragynyň beýik keşbiniň Milli Liderimiziň eserlerinde şöhlelendirilişi baradaky söhbedimizi Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygryndaky «Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr, ̸ ̸ Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýen setirleri bilen jemleýäris.

 

Ahmet BAÝRAMGELDIÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar

02 Dekabr 2024 | 19 okalan

RUHY DÜNÝÄLERIŇ ŞAHYRY

26 Noýabr 2024 | 96 okalan

MAGTYMGULY WASPYŇ DILLERDE DESSAN