ALYM ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE MAGTYMGULYNYŇ ŞYGYRLARYNA TESWIRLER

     Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna birnäçe eserleri sowgat berdi. Bu eserleriň düýp özeninde halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak we agzybir bolmak baradaky pikirler bardyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle ýazýar: «Barlygymyzam, bakylygymyzam, beýikligimizem, bitewüligimizem şu Watanymyz, halkymyz bilen bagly. Öňümizde bu mukaddes Watanyň has abadan geljegi üçin bilelikde, birlikde-agzybirlikde geçmeli ýollarymyz, külterlemeli menzillerimiz, dowam etmeli döwlet dessurlarymyz bar». Gahryman Arkadagymyzyň şeýle beýik ynsanperwer garaýyşlaryndan ugur alýan eserleriniň ýene-de biri «Türkmen medeniýeti» eseridir. Bu eserde Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň gadymdan gelýän milli, özboluşly medeniýetini, medeni gymmatlyklaryny derňeýär. Eser iki sany uly bölümden we birnäçe bölümçeden ybarat bolup, bölümleriň özeninde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna teswirler getirilýär.

     Magtymguly Pyragy öz döwrüniň, diňe bir paýhasly danasy, ussat şahyry bolman, halk senetçiliginiň iň inçe görnüşleriniň biri bolan zergärçilik bilen hem meşgullanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly medeniýete, sungata bagyşlanan eserinde şeýle bellenýär: «Zergärçilik kesbine aýratyn hormat goýup, onuň inçe tärlerinden baş çykaran we gaýtalanmajak gözelliklere beslenen şaý-sepleri döreden akyldar Pyragy Meňli gyzyň kamatynyň gözelligini altyn-kümüş bezeglersiz, gymmabahaly daşlarsyz göz öňüne getirip bilmeýär: Ýüwrük ýetmez uzagyna, Düşdüm pelek duzagyna, Meňli gyzyň ýüzügine Gaşlar goýsam kümüş bilen». Türkmen zergärçiligi amaly-haşam sungatynyň iň inçe görnüşleriniň biri bolmak bilen, halkyň gözellige bolan garaýşyny, maddy we ruhy däp-dessurlaryny ýüze çykarmaga ýardam eden inçe senetdir.

     Gahryman Arkadagymyz öz eserlerinde hemişe dana şahyryň paýhasly pikirlerine ylmy teswirler berýär, sebäbi Magtymgulynyň goşgularyny ýüzüň ugruna okap, düşünip bolmaýar. Şonuň üçin indi birnäçe ýyllardyr alymlar şahyryň şygyrlarynyň mazmunyny açmaga synanyşýarlar. Gahryman Arkadagymyz hem öz eserlerinde Pyragynyň paýhasly şygyrlarynyň maňzyny okyjylara ýetirmek isleýär. 43 Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserindäki «Maksat tutmagyň manysy» atly bölüminde Magtymguly Pyragynyň agzybirlik baradaky pikirlerine şeýle teswirleme berýär: «XVIII asyr türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» atly goşgusyndaky «Köňüller, ýürekler bir bolup başlar» diýen setirler ýürekleriň birligini, adamlaryň agzybirligini aňladýar. Ýürekler bir bolsa, onda öňde goýlan maksat babatda hem umumy pikirleriň birligini duýup bolýar».

     Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny derňeýşi we teswirleýşi özboluşlylygy, düşnükliligi we ylmylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, hakykatdan hem, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan çäksiz söýgüsinden, hormatyndan nyşandyr.

 

Jemile BAÝRAMBABAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Indiki makala

HER SETIRI ROWAÝAT

Meňzeş habarlar

18 Fewral 2025 | 78 okalan

ILÇÄ ZOWAL ÝOK