Üstümizdäki ýylymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň beýik akyldary, şahyr Magtymguly Pyragyny hormatlap döreden şygyrynyň ýylyň şygaryna öwrülmegi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, goňşy döwletlerde, dünýäniň köp ýurtlarynda uly goldawa eýe boldy. Umumadamzat gymmatlyklaryna saldamly goşant goşan Magtymguly atamyzyň giň ummana deňelýän köptaraply döredijiligi islendik adamy, islendik okyjyny özüne çekýär. Şahyryň döredijiligine degişli bolan goşgulary okap, manysyna düşünmekçi bolanyňda, ýekeje setiriň hem uly bir mana eýe bolup, bu manynyň aňyrsynda uly bir rowaýatyň ýatandygyna köp gezek göz ýetirýärsiň. Uly bir rowaýaty bir ýa-da iki setire, bende ýerleşdirip, many bermekligi başarmak ussatlykdan nyşan hasaplanýar. Magtymguly atamyzyň «Gul bolgul» atly şygyrynda:
Süleýman sen, mura bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul-
diýen bendi bar. Manysyny çözläp otursaň, şu bendiň diňe birinji we ikinji, ýagny «Süleýman sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jogabyn aýgyl» diýen setirleriniň özünde Nasyreddin Ragbuzynyň «Kyssasyl Enbiýa» atly eseriniň «Hezreti Süleýmanyň garynjalar bilen sözleşmeginiň beýany» atly bölümindäki Süleýman pygamber bilen garynjalaryň şasynyň arasynda bolýan wakalar barada habar berilýär. «Mur» diýmek garynja diýen manyny berýär. Ol rowaýat Süleýman pygamberiň diňe bir pygamber bolman, patyşa bolandygy, ýele-suwa, döw-perilere hökümini ýöredendigi, ähli-janly jandarlaryň, ot-çöpleriň diline düşünendigi baradaky gürrüňler bilen başlaýar. Şeýle-de, rowaýatyň dowamynda Süleýman pygamber garynjalaryň patyşasy bilen bolan söhbetdeşliginde ol garynjanyň danalygyna, öz hökümdarlyk edýän ähli garynjalara deň-derejede seredip bilşine, garynjalaryň sanynyň Süleýman pygamberiň goşunynyň sanyndan gaty köpdügine, muňa garamazdan, garynjalaryň şasynyň öz kowmy bilen bilelikde, Süleýmanyň leşgerini myhman alşyna, olaryň gaty agzybirligine haýran galýar. Şonda garynjalaryň hökümdary Süleýmana ähli adamlara deň garamak, pespäl bolmak, men-menlik ýaly häsiýetden daşda durmak barada maslahatlary berýär. Magtymguly atamyz bu ýagdaýy goşgy bendiniň soňky iki setirinde häkimiň, ýagny hökümdaryň häsiýetini akar suwa ýa-da öwüsýän ýele deňeýär. Bu ýerde akar suwdan hemmäniň, ýagny, agaçlaryň, ösümlikleriň, guşlaryň, haýwanlaryň, ynsanlaryň deň derejede içip bilýändigi, suwuň teşneligi deň gandyrýandygy, öwüsýän ýeliň hem öwsüp gelýän ugrundaky zatlaryň ählisine deňlikde täsirini paýlaýandygy aýdylyp geçilýär. Ýele-suwa, ynsa-jynsa hökümini ýöredýän hökümdaryň hem şeýle häsiýetde bolmalydygy şujagaz ikije setirde ýerleşdirilipdir. «Syr ujuny syr açar» diýlişi ýaly, akyldar şahyryň syrly setirlerini okadygyňça syr ýumagy çözlenip, täsin-täsin rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, gözümize görnüp duran hem bolsa, oýlanyp, akyl ýetirilmeli hakykatlaryň üsti açylyp, gidip otyr. Bu hem bolsa, dana pederimiz Magtymguly Pyragynyň gaty köp okandygyny, köp-köp kitaplaryň gatyny açyp, many-mazmunyny akyl sandygyna siňdirendigini görkezýär. Öz okan, öwrenen, bilen zatlaryny çeper sözüň üsti bilen setirlere siňdirip, ajaýyp goşgulara öwrüp, halkymyza gymmatly miras galdyran Magtymguly atamyzyň goşgulary bu günki günde umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülip, bütin dünýäniň halklaryna ýetirilýär.
Gündogaryň beýik akyldary, ähli döwürleriň we ähli ömürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijigini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Serdar GARLYÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.