GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABYNDA AKYLDAR ŞAHYRYMYZYŇ RUHY-AHLAK GARAÝYŞLARY

     Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli-ruhy ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr.

     Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlarynyň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirdi. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri eserlerinde beýan etdi» diýip belleýär.

     Kämil ynsan bolmak, maşgala abadançylygy, jemgyýetiň parahatçylygy diňe arassa ahlaklylyk bilen mümkindir. Şahyr halkyň gündelik ýaşaýşynyň ähli meselesine seslenip, ol barada pikir ýöredipdir. Şonda ol il-ýurdunyň umumy keşbini, 44 ýüze çykan möhüm taryhy wakalary, döwürdeşleriniň isleg-arzuwlaryny, watançylyk, ahlak, etiki, estetiki duýgularyny, olaryň biri-birleri bilen bolan raýdaşlyklaryny, alyp baran göreşlerini, adamkärçilik mertebelerini, nesil terbiýeläp ýetişdirmekdäki eden tagallalaryny we beýlekileri çeper görnüşde beýan edipdir.

     Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr.

     Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda özüniň bejergä mätäç çagalar bilen duşuşygynyň täsirleri barada belläp geçýär. Onda «Çagalaryň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tagallalar, ilki bilen, Watanymyzyň geljekki ykbaly, onuň mynasyp hem-de nurana ertiri üçin biziň belent jogapkärçilik çekýändigimizden gelip çykýar. Ýaş nesil hakyndaky alada, bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmak üçin başlangyç şertleri döretmek häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuş hem-de ruhy sagdynlygyny, onuň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamat bolmagyny kesgitleýär» diýip belleýär.

     Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlar barada alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulmagynyň bir nyşanydyr. Bu gazna barada Gahryman Arkadagymyz ýokarda ady agzalan kitabynda şeýle belläp geçýär: «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir.

     Halal gazanjyň belli bir möçberini haýyr-sahawata bagyşlamak – türkmençilikde öňden unalýan, ündelýän ýörelge. Hut şeýdilende, saçagyňa, rysgyňa bereket inýändigine berk ynanylypdyr. Aslynda, «bereket», «bermek» sözleriniň äheňi-de, mazmuny-da biri-biri bilen berk baglydyr».

     Magtymguly geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir. Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, «Geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydyr».

 

Abdulhamid HAMEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Taryh fakultetiniň mugallym-öwrenijisi.

Meňzeş habarlar