GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE AKYLDAR ŞAHYR – MAGTYMGULY PYRAGY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly taryhy senelere beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna eýerip Gündogaryň akyldary, filosof şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasaty we ajaýyp işleri netijesinde, Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has-da belende göterilmegi we akyldar şahyrymyza uly sarpa goýulmagy türkmen ilini has-da buýsandyrýar. Häzirki wagtda milli we dünýä edebiýatynda akyldar şahyrymyzyň durmuş ýoluny suratlandyrýan birnäçe uly göwrümli eserler döredildi. Milli Liderimiz beýik söz ussadynyň içki dünýäsini, onuň şygyrlaryny öz eserlerine siňdirip, Magtymguly Pyragynyň edebi we ruhy keşbini ussatlyk bilen beýan etdi. Gahryman Alym Arkadagymyz beýik şahsyýetimiziň ummasyz deňiz ýaly döredijiligini özüniň ajaýyp goşgy setirlerinde hem görkezýär:

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary,

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda şeýle ajaýyp setirler bar: «Gözelligiň içki manysy ahlaklylykda, ynsaplylykda, sypaýlykda jemlenýär. Gözelligiň şu nukdaýnazardan anyk hem-de gutarnykly kesgitlemesi haýyr etmekde ýüze çykýar. Il-halkymyzda ahlak garaýyşlarynyň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirdi. Magtymguly Pyragy özünde öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatyndaky ähli bilimleri eserlerinde beýan etdi».

     Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlarynda Magtymguly Pyragynyň keşbi eseriň baş gahrymanlarynyň keşpleri bilen berk baglanyşýar. «Älem içre at gezer» romanynda baş gahrymany Berdimuhamet mugallym bilen Magtymguly Pyragynyň arasynda baglanyşyk görmek bolýar.

     «Ol Pyragynyň şygyrlaryny okanda, ony diňleýänler şahyryň özi bilen ýüzbeýüz duran ýaly duýgyny başdan geçirýärdiler» diýen setirler hem Magtymguly Pyragynyň ruhy, edebi keşbini suratlandyrýar.

     «Döwlet guşy» romanynda hem Magtymguly Pyragynyň keşbi, goşgulary diýseň çeperçilik bilen beýan edilýär. Romanyň baş gahrymany Mälikgulynyň edep-terbiýeliliginiň özeninde, Pyragynyň goşgularyna bolan belent söýgi we ony dostlaryna, halk köpçüligine geçirmek isleýändigi görkezilýär. Magtymguly Pyragynyň goşgulary edep-terbiýäniň, agzybirligiň, ahlaklylygyň mekdebi bolup hyzmat edýär. Onuň her bir setiri akyl-paýhasa bürenip, adamyň akylyna, kalbyna diýseň tiz ýetýär.

 

Humaý AMANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň

Sazşynaslyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar