Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet»atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda umumadamzat ähmiýetli gymmatly pikirler orta atylýar. Döwlet gurmak, ony adalatly dolandyrmak, agzybirlik, jebislik, birleşmek ýörelgeleri akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasy mazmunyny özünde jemleýän kesgitli aýratynlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu gymmatly kitabynyň «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölüminde: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýip, şahyryň döredijiligine uly baha berilýär. Magtymguly Pyragy il-uluslaryny bir göwre, bir jan hasaplapdyr we olaryň birliginden sarsmaz türkmen döwletiniň dörejekdigine ynamly garandygy şahyryň «Gökleň» atly şygryndaky aşaky setirlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar:
Kese Arkaç, Mazanderan,
Gelerler permana, gökleň.
Şahyryň şygyrlarynda, watansöýüjilik ruhundaky goşgularynda öňe sürülýän pikirlerde mähriban il-ýurduna, eziz watanyna bolan söýgi umumadamzada bolan beýik söýgi bilen sazlaşykly utgaşyp gidýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şahyryň «Bilbil nalasy» atly şygrynyň beýik mana beslenen ajaýyp setirlerinde hem Watan hakyndaky müdimi owazyň owadan ýaňy dünýä ýaýylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda waspy ýetirilen daglaryň,düzleriň gözelligi bu topragyň ebedi suratydyr. Pyragynyň watançylyk taglymaty «Türkmeniň» atly goşgusynyň tutuş durkuny gurşap alýar. Şygryň her bir setirinde türkmen tebigatynyň gözellikleri, il-halkyň nurana keşbi, göwün päkizeligi, merdanalygy, dünýä, adamzada bolan belent söýgüsi çeper mazmunyň ýokary kämilliginde açylyp görkezilýär. Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly şygry berk binýatly döwlet gurmaklygyň, erkanalygyň, agzybirligiň hem-de oňa bolan beýik buýsanjyň çeper mazmuna beýik namasydyr. Pyragynyň bu şygry halkyň köňül kelamynyň ajaýyp aýdymy bolup biziň bagtyýar günlerimize gelip ýetipdir. Şahyryň döredijiliginde adamzada bolan beýik söýgüni özünde jemleýän dürdäne setirler, öwüt-ündewler giňden orun tutýar. Şahyryň 47 bu taglymaty Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer syýasatynyň hem esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz ajaýyp kitabynda bu taglymaty şeýle teswirleýär:»Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek – biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty».
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýaşlar üçin gymmatly hazyna bolan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň beýik şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda beýik söz ussadyň eserleri tutuş adamzady, aýratynam, ýaşlary terbiýelemekde, olary ruhy taýdan bagtyýar geljek üçin taýýarlamakda has-da ähmiýetli bolup durýandygyna göz ýetirýäris.
Myrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri
taýýarlamak okuwynyň talyby.