GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE MAGTYMGULY PYRAGY

     Söz sungatynyň taýsyz ussady, beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň her bir setiriniň aňyrsynda paýhaslar ummany jemlenendir. Biz bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzynyň ajaýyp setirleriniň söze sarpa goýýan adamlar üçin «şerhiniň kändigine» göz ýetirýäris.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, şeýle hem 2024-nji ýylymyzyň bu şygar bilen atlandyrylmagy türkmeniň nusgawy şahyry, akyldarymyz Magtymguly Pyragyny içgin öwrenmäge, onuň döredijiligine ýaňadan seretmäge uly itergi berdi. Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusyny okanyňda, watansöýüjiligi, ahlak arassalygy, wyždanlylyk, ar-namys, wepalylyk ýaly adamkärçiligiň beýik sypatlaryny duýmak bolýar. Şahyr goşgularynda wakalary beýan edende, az söz bilen köp many çykarýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga Gahryman Arkadagymyz örän ýokary baha berip, şeýle diýýär: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr».

     Bu günki gün döwletimiziň berkarar bolýan, toýlarymyzyň toýlara ulaşýan, umytlarymyzyň hasyl bolýan döwründe türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny içgin öwrenmek üçin biz talyp ýaşlara uly mümkinçilikler döredilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji- hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň aýdym-saz sungatynyň ösmegine hem goşan goşandy diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda şeýle diýýär: «Türkmen aýdym-saz sungatynyň ösüş ýoly milli edebiýatyň taryhy bilen berk baglanyşýar. Beýik Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy türkmen halkynyň ruhy medeniýetiniň, onuň aýdym-saz sungatynyň gülläp ösmegine uly ýardam edipdir. Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşen türkmen milletiniň pelsepesini, halkyň ruhunyň heňini özüne siňdirip, türkmenleriň ýanbermez erk-isleginiň daýanjyna öwrüldi».

     Magtymguly Pyragynyň şygyrlary terbiýe mekdebi hökmünde atalar sözlerine öwrülip, halk döredijilik eserlerine siňip gidipdir. Şahyryň döredijiliginde Watana, tebigata bolan söýgi, beren sözüňde tapylmak, saglygyň gadyr-gymmaty, arassaçylyk, ylym-bilim barada hem şygyrlary köpdür. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur», «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýen sözlerini ýatlap geçýär.

     Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer pikir-garaýyşlary berkarar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esaslaryny düzýär. Akyldaryň adama hormat-sarpa goýmak we onuň mertebesini ýokary tutmak ýörelgesi Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet-häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýip kesgitlenmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygary bilen dabaralanýar.

 

Nurmuhammet REJEPOW,

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary

orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Meňzeş habarlar