Magtymguly – türkmen halkynyň göz guwanjy, terbiýe mekdebi. Çeper söze maýyl, şahyrana setirlere teşne halkymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini yhlas bilen öwrenýärler. Onuň şygyrlary halk tarapyndan söýlüp okalýar. Olarda ýürege ýakynlyk bar, durmuşyň beýany bar. Şonuň üçin hem şahyryň goşgulary edep-terbiýe, medet, kuwwat berýär, geljege ynam döredýär. Elbetde, Magtymgulynyň durup geçmedik meselesi, aýdyp geçmedik zady ýok. Magtymgulyny okan halatyňda pikire çümüp, içki dünýäňe düýrügýäniňi duýman galýarsyň.
Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyş eden we ýaş nesle terbiýe berip il-günüň söýgüsini gazanan Berdimuhamet Annaýewe bagyşlanan «Älem içre at gezer» romanyny, Milli Liderimiziň pederi Mälikguly aganyň çagalyk ýyllaryna gabat gelen ganym urşuň kynçylyklaryny beýan edýän «Döwlet guşy» romanyny okanyňda-da göz ýetirýärsiň. Romanlaryň çözgüdiniň Magtymguly Pyragynyň «Älem içre adam gezmez, at gezer», «Götermese döwlet guşy, Uçup bolmaz per biläni» diýen setirlerinden getirilmegi eserleriň özenini düzýär.
«Älem içre at gezer» romanyň ilkinji setirleri Magtymgulynyň «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar» diýen setirleri bilen başlanýar. Bu bolsa, ähli işde Magtymgula salgylanyp, onuň dürdäne setirlerinden nusga alynýandygyny görkezýär. Eserde Magtymguly Pyragynyň edebi keşbi dürli wakalarda gahrymanlaryň keşpleri bilen baglanyşdyrylýar. Anna Serdaryň parasatlylygy, suhangöýlügi, ynsanperwerligi we beýleki keşpleri Magtymguly Pyragyny ýatladýar. Anna aganyň Magtymgulynyň döredijiligini oňat bilenligi barada-da şübhe ýok. Muňa onuň «Akyl sandyklary»- delildir.
«Döwlet guşy» romanyna hem şahyryň baý döredijiliginiň ruhy ussatlyk bilen siňdirilipdir. Kynçylykly, hupbatly döwürlerde Mälikguly obadaky ýagdaýlary göz öňüne getirip ejizlejek bolupdyr. Emma ol Magtymgulynyň «Ýeldim tut» goşgusyny hakydasyna getirip ruhlanýar. Şeýle-de Mälikgulynyň heniz çagalykdan saýlanmadygyna garamazdan, obadaşlaryna Magtymgulynyň goşgularyny okap berşini, şonuň bilen birlikde, olary kynçylyklary ýeňip geçmäge ruhlandyryşyny tolgunman okamak mümkin däl. Döwründe döwürdeşlerini şygyrlary bilen Watany söýmäge, ony goramaga çagyran şahyryň goşgulary soň-soňlaram uruş, kynçylyk döwründe agyr zähmetden sütüni süýnýän adamlaryň onuň goşgularyny okap, diňläp ondan güýç-kuwwat, umyt, şatlyk, birek-birege goldaw hem söýgi ýaly adamkärçiligiň belent nusgalaryny alyşlary Magtymgulynyň hemme döwürde göwünlere ýakyn akyldar bolandygynyň subutnamasy.
Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň her bir setiriniň manysyna hemmeden gowy düşünip, ony adam ykbalyna baglap, ynsan ykbalyny bolsa tutuş türkmen halkynyň ykbalyna gönükdirip, şeýle ajaýyp eserlerini halkyna peşgeş etdi. Şol eserlerde türkmen halkynyň beýik danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiliginiň, baý many-mazmunly goşgularynyň gahrymanlaryň üsti bilen açylyp görkezilmegi söz ussadyna goýulýan beýik sarpadan nyşandyr.
Enegül BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.