Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün türkmen halkymyzyň her-bir güni toýdur-baýramlara, şatlykly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Ajaýyp döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalary watandaşlarymyzy, bagtyýar ýaşlarymyzy il-ýurt bähbitli işlere galkyndyrýar. Eziz diýarymyzda her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni uly dabara bilen bellenilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmäge mümkinçilik bermek bilen, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.
Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem “Türkmennebit” Döwlet Konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde taýýarlamagynda geçirildi.
Geçirilen baýramçylyk dabarasyna Türkmenbaşy şäheriniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda çykyş eden şäheriň medeniýet we sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdymdyr-tanslary, edebi sazly kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ahyrynda dabara gatnaşyjylar alyslardan gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelerimize täzeden badalga berip halkymyzy ruhlandyrýan, bagtly günlerden has bagtyýar ertirlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlary aýtdylar.
Güljemal BAÝLYÝEWA,
TMÝG-niň Türkmenbaşy
şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.