Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, Esenguly etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda çagalaryň pasyla görä geýinmegini hem-de arassaçylygyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen «Arassa nesil dünýämiziň bezegi» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler pasyla görä dogry we talabalaýyk geýinmek, dürli ýokanç kesellerden goranmak, sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini birkemsiz berjaý etmegiň, fiziki maşklar bilen meşgullanmagyň zerurdygyny bellediler.
Adam saglygy üçin ilkinji nobatda beden arassaçylygynyň talaplary dogry ýerine ýetirilmeli. Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Halkymyzyň saglygyny üpjün etmek, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi üçin ähli mümkinçilikleri döretmek döwletimiziň esasy ugurlarynyň biridir diýip çykyş edenler aýratyn nygtap geçdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar adam saglygyny hemişe üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Abat MÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.