TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

     Her bir şanly senäni, toýdur dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen çäre hem täsirli pursatlara baý boldy. Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek we bu işlere ýaşlary işjeň çekmek, jemgyýetçilik tertip-düzgünini berjaý etmek, partlaýjy maddalaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu duşuşykda gyzykly söhbetler edildi.

     Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Bereket etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat, we Bereket etrap Geňeşleriniň, etrap prokuraturasynyň we häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu wagyz-nesihat çäresinde çykyşlara giň orun berlip, mekdep okuwçylaryna öwüt-nesihatlar edildi.

     Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesiller üçin ähli döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Fewral 2025 | 15 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 13 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

01 Fewral 2025 | 15 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI